Halkara gatnaşyklary boýunça adalgalaryň gysgaça sözlügi
«Halkara gatnaşyklary boýunça adalgalaryň gysgaça sözlügi» okuw gollanmasynda Türkmen döwletiniň hukuk ulgamyny has hem kämilleşdirmek üçin ony halkara ülňelerine laýyk getirmek, halkara kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça işleri netijeli durmuşa geçirmek ýaly ýörelgelere esaslanyp, ylmy işleri ýazmak isleýän hünärmenleriň, şeýle hem hukuk hünärinde okaýan talyp ýaşlaryň bilimlerini we gözýetimlerini giňeltmekde zerur bolan adalgalar jemlenildi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy Bakygeldi Ýazgeldiýewiç Nuryýewiň awtorlygynda taýýarlanylan bu sözlük «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edildi. «Halkara gatnaşyklary boýunça adalgalaryň gysgaça sözlügi» atly okuw gollanmasy ähliumumy ykrar edilen halkara adalgalarynyň hukuk ulgamynda zähmet çekýänler we bilim alýanlar tarapyndan döwlet dolandyryş we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalarda, edaradyr guramalarda birmeňzeş we dogry ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bu sözlükde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çykýan ylmy we okuw kitaplaryndaky adalgalary öwrenmek üçin baý sözler düzümi bolup, ol üç dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde beýan edilýär. Ondan başga-da, hukuk pudagynda, şeýle hem beýleki ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler ýa-da bilim alýan talyp ýaşlar üçin niýetlenip, bir dilden beýleki görkezilen dillere terjime etmäge, daşary ýurtlylar bilen iş alnyp barylanda düşünişmäge ýardam berer. Bu sözlükde her bir ulanylýan adalga jedelsiz bir mana eýedir we anyk beýan edilipdir.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Şeýle hem okaň: Orient