Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň Buharest ykdysadyýet ylymlary uniwersitetiniň prorektory bilen duşuşygy
Iş saparynyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Buharest ykdysadyýet ylymlary uniwersitetiniň prorektory Marius Profiroios we Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Liwiýus Kotfas bilen duşuşdy. 1913-nji ýylda esaslandyrylan bu uniwersitet diňe bir Rumyniýada däl, eýsem Günorta-Gündogar Ýewropada hem ykdysady ylym pudagyndaky öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda mynasyp orun alýar. Häzirki wagtda Buharest ykdysadyýet ylymlary uniwersitetinde 23 müň talyp bilim alýar. Ýokary okuw mekdebinde 25 hünär boýunça bakalawr derejesi, 78 magistr maksatnamasy, 2 halkara Işewürlik dolandyryş maksatnamasy we 10 doktorlyk maksatnamasy hereket edýär.
Rumyn uniwersitetiniň prorektory Marius Profiroios türkmen wekiliýetini ýokary okuw mekdebiniň taryhy, alyp barýan işleri, bilim maksatnamalary, ylmy institutlary we barlaghanalary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň tejribesi bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ylym işleri boýunça prorektory N.Şihlyýew uniwersitetiň 2019-njy ýyldan bäri Işewürlik dolandyryş (MBA) boýunça magistr maksatnamsyny üstünlikli alyp barýandygyny we bu ugurda bilelikde 1+1 bolan iki derejeli meýilnamany işe girizmeklige gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, Rumyn uniwersitetiniň Işewürlik dolandyryş maksatnamasynyň abraýly halkara AMBA akkreditasiýasynyň bardygyny bellemek möhümdir, bu bolsa halkara işewürlik mekdepleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan işlenip düzülen we iş ýüzünde synag edilen halkara birleşiginiň ülňülerine laýyk gelýändigini aňladýar.
Şeýle-de, özara bähbitli ikitaraplaýyn duşuşygyň çäginde ýokary okuw mekdepler Erasmus+ maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Buharest ykdysadyýet ylymlary uniwersiteti bilen täze ýola goýuljak gatnaşyklarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Erasmus+ maksatnamalaryna has işjeň gatnaşmagy barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýakyn geljek üçin özara bähbitli gatnaşyklaryň barha berkemegi ugrunda ylalaşyklary gazandylar we ýokary guramaçylykly geçirilen duşuşyk üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti