Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy  maslahatynyň çäklerinde geçirilen duşuşyk

2024-10-11 | 217
Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy   maslahatynyň çäklerinde geçirilen duşuşyk

Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze

eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy 

maslahatynyň çäklerinde geçirilen duşuşyk

Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalyk we döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Andreý Margoliniň ýolbaşçylygyndaky wekiller bilen 2024-nji ýylyň  11-nji oktýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. 

Myhmanlar duşuşyga gatnaşanlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalyk we döwlet gullugy akademiýasy bilen tanyşdyrdylar. Duşuşygyň barşynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maksadalaýyk hasaplaýandyklaryny bellediler. 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty