Daşkent şäherinde DARYA maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň üçünji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa üçin DARYA (Ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket) sebitleýin taslamasynyň çäginde Ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň gatnaşmagynda üçünji mejlisi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Ýewropa bilim gaznasy (ÝBG) tarapyndan gurnalan çärä Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanyň bilim we zähmet ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Ýewropa Bilelşiginiň, halkara guramalarynyň we beýleki pudak edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistandan bu çärä Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň wekili we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda DARYA taslamasynyň esasy üstünlikleri we bilimde hünär ugurlary boýunça durnuklylygy güýçlendirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan hem aşakdaky ugurlara aýratyn üns berildi:
• Zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk ukyplaryň ösdürilmegi.
• Durnukly we inklýuziw bilimiň goldanylmagy.
• Çeýe hünär derejeleriň ornaşdyrylmagy.
Birinji gün: strategik ugurlar
Çäräniň birinji güni durnukly ösüş syýasatyň ähmiýetine gönükdirildi. Mejlisiň açylyşynda Ýewropa bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torsti, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala we Özbegistan Respublikasynyň bilim we zähmet ulgamynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Ýygnagyň dowamynda:
• Ukyplaryň durnukly ösüşi üçin maýa goýum mümkinçilikleri.
• Ýaşlaryň “ýaşyl” ykdysadyýetde we howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlarda eýeleýän orny barada maslahatlaşmalar geçirildi.
Işjeň gepleşikler gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu çärede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri sebitleýin hyzmatdaşlyk we bilelikdäki başlangyçlar boýunça mümkinçilikler barada maslahatlaşdylar.
Çäräniň ikinji güni DARYA taslamasynyň gazanan üstünliklerine jikme-jik baha bermäge bagyşlanar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň orunbasarlary we wekilleri bilim syýasaty arkaly durmuş-ykdysady meseleleriň çözgüdi boýunça tejribelerini paýlaşarlar.
Ertirki sessiýalar aşakdakylary öz içine alar:
• Häzirki zaman ukyp-başarnyklary gözegçilikde saklanmagy we zähmet bazaryny seljermegi boýunça netijeleriň tanyşdyrylyşy.
• Durnukly hünär derejeleriň ornaşdyrylmagy boýunça işjeň mehanizmleri ýola goýmagyň ugurlary barada ara alyp maslahatlaşmagy.
• Geljekki ädimleri işläp taýýarlamak üçin iş toparlaryň işjeň teklipleri öňe sürmegi.
Birinji günki mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar hökümetara dialogyň we sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin sazlşaykly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada bellediler. DARYA taslamasynyň çäginde geljekde durmuşa geçiriljek başlangyçlar üçin strategik teklipler hödürlenildi.
Bu çäre özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we Merkezi Aziýada hünär derejeleriň kämilleşdirilmekde hyzmatdaşlygyň Strategiýasynyň taýýarlanylmagy üçin möhüm meýdança boldy. Şeýle hem, Merkezi Aziýa sebitinde ýaşlar üçin zerur bolan häzirki zaman inklýuziw we durnukly bilim başarnyklary we ukyplary ösdürmekde DARYA taslamasynyň ähmiýeti aýratyn bellendi.