140 adam Türkmenistanyň ýaşlar baýragyna eýe boldy

2023-11-17 | 157
140  adam  Türkmenistanyň  ýaşlar  baýragyna  eýe boldy

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň 140-sy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy. Bu baýraga eýe bolanlary sylaglamak dabarasy Mary şäherinde geçirilen "Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy" atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumynyň çäklerinde geçirildi.Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy edebiýatda, sungatda, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilimde üstünlikleri gazanan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde tapawutlanan ýaşlara gowşurylýar.