Russiýa Federasiýasynyň Milli gözleg uniwersitetiniň Ýkdysadyýet ýokary mekdebiniň wekili bilen duşuşyk
Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy
maslahatynyň çäklerinde geçirilen duşuşyk
Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Milli gözleg uniwersitetiniň Ýkdysadyýet ýokary mekdebiniň wekili Maksim Markin bilen 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Myhman duşuşyga gatnaşanlary Milli gözleg uniwersitetiniň Ýkdysadyýet ýokary mekdebi bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň barşynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maksadalaýyk hasaplaýandyklaryny bellediler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty