Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyp ýaşlaryň arasynda “Sagdyn jemgyýet – bagtyýar geljek” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat prokuraturasynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň, Mary welaýat Zenanlar birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak temalary boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty