Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ýokary bilim hyzmatdaşlygynda ýetilen täze sepgitler we geljekki başlangyçlar

2024-10-11 | 200
Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ýokary bilim hyzmatdaşlygynda ýetilen täze sepgitler we geljekki başlangyçlar

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ýolbaşçy düzümi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň arasynda duşuşyk guraldy.

Bu duşuşygyň esasy maksady, golaýda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň ABŞ-na bolan saparynyň dowamynda gol çekilen “Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamadan”, “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamadan” “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamadan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekden hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantonini özüniň wekilçilik edýän Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny emele getirýän ähtnamalara gol çekilendigine guwanýandygyny we bu babatda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine ygrarlydygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Taraplar gol çekilen iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ähtnamalaryň özara akademik gatnaşyklaryň berkidilmegine, bilelikde ylmy barlag işleri alyp barmaga, özarabähbitli tejribe toplanylmagyna ýardam etjekdigine we bu babatda birnäçe anyk wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.