Merkezi Aziýa çempionatynda

2023-12-21 | 155
Merkezi Aziýa çempionatynda

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.

  “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 18-21-nji dekabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sportuň  uşu görnüşi boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda geçirilen ýaryşda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler.

  Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Gurbanow Agajan 90 kg agramda  III  orna mynasyp boldy. 

Bu üstünlik ýurdumyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.

  Türgenlerimiziň dünýä derejesindäki üstünlikli çykyşlary sporty söýüjilerde guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär.