Halkara forumyň bölümçesi

2024-10-11 | 155
Halkara forumyň bölümçesi

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – Parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň “Magtymguly Pyragynyň eserleriniň umumadamzat siwilizasiýasyndaky orny” atly bölümçesi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasaty iki ugur boýunça, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk görnüşinde alnyp barylýar. Şundan ugur alyp, dünýäniň dürli sebitleriniň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda medeni mirasyny düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda döwlet derejesinde uly işler edilýär. Bu babatda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny öwrenmek maksady bilen köp sanly halkara ylmy maslahatlar geçirilýär. Çünki Magtymgulynyň döredijiligi gözýetmez umman bolup, onda ylmyň dürli ugurlary barada gymmatly maglumatlar bar. 

Foruma gatnaşyjylar söz ussatlarynyň döredijiligini öwrenmek üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti