Okuw-usulyýet maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-na Türkmenistanyň Döwlet energetika insntitutynda Okuw bölüminiň gurnamagynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň “Ýokary hilli bilim” ugruna esaslanyp, professor-mugallymlaryň arasynda “Ýokary okuw mekdeplerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek” atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy A.Geldiýewiň “Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýolunda” tema boýunça we şol kafedranyň uly mugallymy A.Orazmämmedowyň “Mugallymyň hünär işlerinde etikanyň orny” atly tema boýunça çykyşlary diňlendi we ara alyp maslahatlaşyldy. Okuw maslahatyň dowamynda maslahatyň işi we öňünde duran wezipeleri barada Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Okuw bölüminiň başlygy S.G.Kakabaýew çykyş etdi. Çykyşlar boýunça temalaryň döwrebaplygyny göz öňünde tutup, bu babatda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegini teklip etdi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika insntituty