Okuw-usuly maslahaty geçirildi

2024-11-30 | 297
Okuw-usuly maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-na BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň 8-nji maksadyna, ýagny “Mynasyp işleri üpjün etmek we ykdysady ösüş” maksadyna esaslanyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti bilen Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň bilelikde gurnamagynda “Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli ulanmak” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda emeli aň tehnologiýalarynyň bilim ulgamynda orny, ony netijeli ulanmagyň usullary, şeýle-de bu tehnologiýalaryň ykdysady ösüşe goşandy barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle çäreleriň bilim ulgamynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna itergi berýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty