Okuw-usulyýet maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň gurnamagynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çärelerden ugur alyp, Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini okadýan professor-mugallymlarynyň arasynda “Daşary ýurt dillerini hünär ugrundan okatmagy kämilleşdirmegiň milli tejribesi ” atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Okuw-usulyýet maslahata Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mary şäherindäki hünär-tehniki okuw mekdebiniň daşary ýurt dillerini okadýan professor-mugallymalary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de ähli gatnaşyjy Mary welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary daşary ýurt dillerinde ylmy çykyşlary etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty