Halkara maslahaty geçirildi

2024-11-29 | 270
Halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Bileleşiginiň Aşgabatdaky Merkeziniň 2024-nji ýyl boýunça ylalaşylan meýilnamalaryň çäklerinde "Daşky gurşawy goramak üçin durnukly energiýa. Öňdebaryjy halkara tejribesini seljermek" atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda esasy pudaklarynyň biri bolan elektroenergetika pudagyny ösdürmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde elektroenergetika pudagynyň aýrylmaz bir bölegi bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna öndürilýän energiýany ýurdumyzyň howa şertlerini nazara alyp öwrenmek öz beýanyny tapýar. Şol nukdaýnazardan hem, öňdebaryjy Ýewropa döwletlerinde energiýany tygşytlamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň paýyny artdyrmakda gazanylan netijeleri öwrenmek hem-de professor-mugallymlaryň, ylmy işgärleriň hünär derjesini kämilleşdirmek, geljekde meýilleşdirilen işleri bilelikde ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahat mynasybetli institutyň Baş binasynyň öňündäki meýdançada “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe çykyşlara tomaşa edildi. Soňra bolsa halkara maslahata gatnaşyjylar institutyň Baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ylmy işleriň sergisi bilen tanyşdylar.

Halkara maslahata Polşa döwletinden, Gruzýa döwletinden, Latwiýa Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan halkara bilermenler gatnaşdylar. Halkara maslahatyň dowamynda ""Ýaşyl" energetikany ösdürmekde sebitleýin öňdebaryjy tejribe"; ""Ýaşyl" energiýany öndürmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: mümkinçilikler we meseleler"; "Ýaşyl" wodorod – geljegiň ýangyjy"; "Howanyň üýtgemegi we "ýaşyl" energetika"; "Wodorodyň ekologiýa we daşky gurşawa täsiri"; ""Ýaşyl" energetika: gün ýylylyk ulgamlary"; häzirki wagtda gurulýän we gurulmagy meýilleşdirilýän binalara "ýaşyl" sertifikatyň berilmeginiň şertleri hem-de mümkinçilikleri, täze gurulýan binalarda energiýa netijeliligi ýokary bolan tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratynlyklary ýaly ylmy temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Çykyşlaryň dowamynda diňleýjiler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip, özara pikir we sorag-jagap alyşyldy. Güniň ikinji ýarymynda halkara bilermenler tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen "Merkezi aziýada durnukly energiýa arabaglanşygy" atly okuw seminary geçirildi. Soňra bolsa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuruldy. Maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty