Okuw-usuly maslahaty geçirildi
2024-11-29
| 268
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Amaly mehanika kafedrasynyň gurnamagynda Durnukly ösüş maksatlarynyň “Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk” maksadyna laýyklykda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça halkara tejribäni öwrenmek” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak babatda birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty