Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Yslam ýurtlary boýunça statistika, ykdysady we durmuş-barlag okuw merkeziniň (SESRIC) guramagynda okuw maslahaty geçirildi

2024-11-28 | 369
Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Yslam ýurtlary boýunça statistika, ykdysady we durmuş-barlag okuw merkeziniň (SESRIC) guramagynda okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 25-26-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Yslam ýurtlary boýunça statistika, ykdysady we durmuş-barlag okuw merkeziniň (SESRIC) guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ýaşlar we sport ministrlikleriniň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy W.Gutlyýew gatnaşdy.

Maslahatyň Gün tertibinde YHG-na agza ýurtlarda ýaşlaryň häzirki ýagdaýy, şeýle hem bu döwletleriň milli maksatnamalaryna YHG-nyň Ýaşlar strategiýasyny ornaşdyrmaklygyň täsirli usullary barada pikir alşyldy.

SESRIC tarapyndan beýan edilen maglumatlarda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilatynyň 367 milliona golaýyny ýaşlar düzip, ol 2023-nji ýylyň görkezijileri boýunça dünýäniň ýaşlarynyň 29,5%-ini emele getirendigi we 2025-nji ýylda bu görkezijiniň 380 milliona ýetmekligi çaklanýandygy barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ählumumy meselelerini göz öňüne tutup maslahatlary yzygiderli guramak hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýaşlar Strategiýasyny işläp düzmek we ony milli maksatnamalarda ornaşdyrmak meseleleri okuw maslahatynyň esasy özenini düzdi.

Ýaşlar syýasaty babatynda durmuşa geçirilýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyň çäklerindäki şeýle okuw maslahatlary ýaş nesilleriň durmuş işjeňligini artdyrmakda hem-de halkara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm orna eýedigi aýratyn bellärliklidir.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Ýaşlar syýasaty bölümi