Bütindünýä Ýaşlar Festiwaly türkmenistanlylary öz çärelerine çagyrýar

2024-11-28 | 234
Bütindünýä Ýaşlar Festiwaly türkmenistanlylary öz çärelerine çagyrýar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew «Bütindünýä Ýaşlar Festiwalynyň Direksiýasy» AGPJ-niň Baş direktory Daniýel Bisslinger bilen duşuşyk geçirdi.

25-nji noýabrda Ilçihanada geçirilen duşuşykda direksiýanyň maksatlary we alyp barýan işleri barada maglumat berildi. Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasy bilen «Bütindünýä Ýaşlar Festiwalynyň Direksiýasy» AGPJ-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bisslinger türkmen ýaşlarynyň Bütindünýä Ýaşlar Festiwaly tarapyndan guralýan köp sanly çärelere işjeň gatnaşmaklaryny teklip etdi.

Maglumat üçin: Bütindünýä Ýaşlar Festiwaly 2024-nji ýylyň 1-7-nji marty aralygynda «Sirius» sebitinde geçirildi. Bütindünýä Ýaşlar Festiwaly-2024-e dünýäniň 190 ýurdunyň 20 müň ýaş lideri gatnaşdy.

Festiwalyň Russiýada her alty ýyldan bir gezek yzygiderli geçirilmegi karar edildi. Şeýle hem her alty ýylda bütin dünýäden 10 müň ýaşlary Halkara Ýaşlar Festiwalynda ýygnanarlar. Bu wakalaryň arasynda Bütindünýä Ýaşlar Festiwalynyň baýdagy astynda halkara mowzuklaýyn ýygnaklar we çäreler guralar.

Mysal üçin, şu günler, 27-29-njy noýabrda, Soçide ýerleşýän «Sirius» sebitinde ýaş alymlaryň IV Kongresi geçirilýär. Bu her ýyl guralýan çäre bolup, dürli sebitlerden Russiýanyň öňdebaryjy ylmy mekdepleriniň wekillerini, ylmy we bilim edaralaryny, döwlet edaralaryny, senagat hyzmatdaşlaryny, işewürlik hem-de döwlet kärhanalarynyň wekillerini birleşdirýär. Esasan-da, ol alymlary, bäsleşikleriň ýeňijileri, grant baýragyna eýe bolan ýaşlary, Russiýa Federasiýasyndan, şeýle hem beýleki ýurtlardan gelen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we okuwçylaryny bir ýere jemleýär.