Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary bilim ulgamyny hem öz içine alýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze nusgasynyň kemala gelmegi baý milli tejribä, mugallymçylyk däplerine hem-de umumydünýä ýörelgelerine esaslanýar. Şu maksatlar bilen, Türkmenistan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşyp, köp ýurtlar, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde oňyn halkara hyzmatdaşlyk kämilleşdirilýär.
Şu gün hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan dünýäniň baýry ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzüminiň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen halkara hyzmatdaşlygy alyp barýan ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ilki bilen uniwersitetiň guran sergisine gatnaşdylar. Sergide uniwersitetiň talyplarynyň gazanan halkara üstünliklerinedir milli gymmatlyklarymyza aýratyn uly orun berilipdir.
Soňra myhmanlar ýaş bilermenleriň otagyna baryp gördüler. Olar bu ýerde talyp ýaşlar üçin döredilen mümkinçilikler bile giňden tanyş boldular.
Ondan soň daşary ýurtly myhmanlar ylmy-amaly syýasy brifinge gatnaşdylar. Brifing tamamlananyndan soň dünýäniň baýry ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi uniwersitetiň dabaralar zalyndaky çärä gatnaşdy.
Myhmanlar Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky giň gerimli halkara işini kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti