Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikdäki maslahaty öz işine başlady

2024-11-27 | 198
Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikdäki maslahaty öz işine başlady

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde geçirýän «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde Parlament diplomatiýasy: Dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahaty öz işine başlady.

Şeýle görnüşdäki ilkinji maslahat 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçirilipdi.

Bilelikdäki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň, bu guramanyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýanyň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň onlarçasynyň parlamentleriniň wekilleriniň gatnaşýandygy bu halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Iki gün dowam etjek bilelikdäki maslahatyň işi umumy maslahat bilen başlanar, soňra bolsa üç bölümde dowam etdiriler. Maslahatda parlamentariler halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamakda, geljek nesilleriň abadançylygyny berkitmek üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň we kynçylyklarynyň öňüni almakda, abadan geljegi gurmakda ýaşlaryň we nesilleriň raýdaşlygynyň ornuny ýokarlandyrmakda Parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti barada pikir alşarlar.