S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolýan daşary ýurtly myhmanlara gezelenç guraldy
12-nji oktýabrda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşýan daşary ýurt wekilleri Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Bu ýerdäki görkezilen türkmen halylaryny haýran galmak bilen synladylar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolýan daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç guraldy.
«Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň» professory, Irrigasiýa we meliorasiýa kafedrasynyň müdiri, dosent, tehniki ylymlaryň kandidaty Ilhom Abduraimowiç Begmatow we Sankt-Peterburgyň döwlet agrar uniwersitetiniň prorektory Roman Olegowiç Kolesnikow uniwersitetiň professor-mugallymlary bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaý» döwlet medeni-taryhy goraghanasyna gezelenç etdiler. Daşary ýurtly myhmanlar guralan gezelençleriň özlerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandyklary barada aýtdylar.