Edebi-döredijilik maslahaty geçirildi

2024-11-26 | 281
Edebi-döredijilik maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň noýabr aýyyň 26-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň gurnamagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry   Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelerden ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda arasynda “Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijiliginiň dünýä edebiýatyndaky orny” atly edebi- döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda talyplar türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny daşary ýurt dillerinde okap, ylmy-döredijilik çykyşlary ýerine ýetirdiler. Maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.