«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşige badalga berildi

2024-11-26 | 355
«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşige badalga berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarda kitaba söýgi döretmekde we kitaphana işine giňden çekmekde maslahatlar, döredijilik duşuşyklary,edebiýat agşamlary we dürli görnüşli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda türkmen we dünýä edebiýatynyň wekilleriniň ýiti galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpa, zähmete söýgini döretmek maksady bilen talyp ýaşlarynyň arasynda «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigiň I tapgyryna badalga berildi.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşigiň esasy wezipeleri Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty