Döredijilik bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eli çeper zenanlarymyz köpasyrlyk däpleri mynasyp dowam etdirip, ajaýyp keşdeleri we gölleri, nagyşlary, milli lybaslary, bezeg eserlerini döredýärler. Şunuň bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesli milli ahlak gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar. Ýaşlary milli mirasa hormat goýmak, zähmeti söýmek we bilime teşne bolmak ruhunda terbiýelemek örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary halkymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmäge gönükdirip, olaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli şertleri döredýär.
Döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işlerini (basma keşde, gaýma gaýama, kürte, don, tahýa tikmeklik, alaja we jorap örmeklik) ýerine ýetirmek boýunça “El hünäri – il gezer” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Dabaraly çäräniň dowamynda institutyň Kuwwat aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe çykyşlara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty