7-8-nji dekabrda Aşgabatda ýaş oýlap tapyjylaryň ýaryşy geçiriler
Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi robot tehnologiýalary boýunça ýaşlar bäsleşigine gatnaşjaklary hasaba almagyny dowam etdirýär. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler.
Bäsleşik «Sumo robot bäsleşigi», «Labirint bäsleşigi», «Topar taslamalary bäsleşigi» we «Ak ýerlikde gara çyzyklardan ýöreýän robotlaryň bäsleşigi» ugurlar boýunça geçiriler.
Bäsleşige ýurdumyzyň bilim ýa-da ylmy edaralarynyň teklibi bilen, mekdep okuwçylary, talyplar we 30 ýaşa ýetmedik ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Hasaba alyş - QR kody arkaly ýa-da robotyarysh2024@gmail.com e-poçta salga ýüz tutmalaryňyzy ugratmak bilen amala aşyrylýar.
Has giňişleýin maglumaty 39-14-82, 39-14-29, +993 64 47-75-47 telefon belgilerine jaň edip alyp bolar.