Usuly-amaly maslahat geçirildi

2024-11-21 | 421
Usuly-amaly maslahat geçirildi

     Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda geçirilen özgertmeleriň netijesinde ähli ugurlar boýunça ökde hünärli işgärlere we öňdebaryjy hünärmenlere bolan islegi artdyryp, ykdysady ösüşiň ägirt uly görkezijileri gazanylýar.

  Munuň özi okuwçylarymyzyň sapaklara bolan gyzyklanmasyny artdyrmagy we mugallymlaryň ähli taraplaýyn bilime bolan ünsüni artdyrmagy talap edýär.

    2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Umumybilim maksatnamalary boýunça mekdep okuwçylarynyň bilim başarnyklaryna bildirilýän halkara talaplaryň we milli ýörelgeleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly ylmy-usuly maslahat ýokary guramaçylykly geçirildi.

   Maslahata gatnaşyjylar mekdep muzeýindäki eksponatlary synladylar. Mekdepde geçirilýän okuwçylaryň durmuşynda täsir galdyrýan ders hepdelikleriniň biri bolan “Türkmen dili we edebiýaty” dersi boýunça hepdeligiň sergisine we Döwlet Baştutanlarymyzyň atalyk kitaplaryndan düzülen kitap sergisine syn etdiler.

   Her aýda geçirilýän usuly–amaly maslahatyň başynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimowyň çykyşy diňlenildi.

   Çykyşyň dowamynda TMBI-niň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory S.Durdyýew “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna laýyklykda, milli bilim ulgamyna halkara bilim Maksatnamalarynyň görkezijilerini ornaşdyrmak babatdaky wezipeler we olary çözmegiň ýollary” diýen temadaky çykyşy diňlenip,  täze bilim Konsepsiýasynda PISA, TIMSS, PIRLS ýaly halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak hakynda giňişleýin düşündirdi.

   Aşgabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy O.Öwezowanyň, TMBI-niň Zähmet we hünär okuwy bölüminiň esasy ylmy işgäri A.Täşliýewiň , TMBI-niň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri P.Gökbaýewa, şol mekdebiň matematika mugallymy B.Akmyradowanyň çykyşlaryna giňişleýin orun berildi.

     Maslahatda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýen şygar bilen geçýän şu ýylymyzyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy” Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy maksat edinip, mugallymlaryňhalypa- şägirt gatnaşyklarynyň hilini ýokarlandyrmagyň ýollary , umumymekdep edaralarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli görnüşli bäsleşikleri geçirmegiň döwrebap usullary dogrusynda bellenildi.

    Usuly-amaly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärlerine döredýän giň mümkinçilikleri barada hem bellendi. Bilim işgärleri özleri üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Bu ugurda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulşat Durdyýewa

 Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň

Berdimuhamet Annaýew adyndaky

maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we

kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen

27-nji orta mekdebiň müdiri.