Ýurdumyzda hünär derejelerini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary dowam edýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň mugallymlary üçin geçirilýän hünär kämilleşdiriş usuly-amaly okuwlary aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir pedagogyň esasy wezipesi ýaş nesli jemgyýete peýdaly, zähmete taýýarlamakdan, onuň borçlaryna dogry düşünmegini we olary berjaý etmegi, zähmete aňly-düşünjeli çemeleşmegi we ony söýmegi öwretmekden ybaratdyr.
Umumy dowamlylygy 72 sagada niýetlenen bu usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň pedagog işgärleri okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly bilim serişdelerini taýýarlamagyň hem-de innowasion pedagogik tehnologiýalary peýdalanmagyň usullary we usulýet tärleri barada giňişleýin pikir alşyldy.
“Ýaşaýyş durmuş esaslary” we “Bedenterbiýe” okuw dersleriniň serişdeleri arkaly okuwçylaryň okaýyş sowatlylygyny kemala getirmegiň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymy Ahkiýamowa Guzeliýa Rawilownanyň berýän sapaklary diýseň täsirli boldy.
Bu usuly-amaly okuwlarda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Kerimgeldiýew Rahat, Magtymguly adyndaky TDU-nyň bedenterbiýe mugallymy Rejepberdiýew Hojaberdi, biologiýa mugallymy Atamedowa Gulaý, S.Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy Akmammedow Myrat, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Rejepalyýewa Ogulsapar, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Joraýewa Aýna, Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Taňryberdiýewa Aýsoltan, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Ataýew Bäşim, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Tüýliýewa Şemşat, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň mugallymy Altyýewa Maral umumybilim berýän orta mekdeplerde ýaşaýyş durmuş esaslary we bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylaraadatdan daşary ýagdaýlary dörände ilkinji etmeli işler barada wideo-şekilli ýazgylar arkaly gyzykly çykyşlary etdiler. Ylmy-usuly okuwlara gatnaşýan bilim işgärlerine usuly maslahatlary berildi.
Ýokary guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçýän usuly-amaly okuwyna gatnaşýan bilim işgärleri ýaşlara döwrebap bilim bermek we olara hünär öwretmek barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
tebigy we takyk bilimleri bölüminiň
uly ylmy işgäri Patma GÖKBAÝEWA.