BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANDY

2024-11-21 | 493
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANDY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlangyçlaryndan badalga alýan milli bilim ulgamy ösüşiň täze derejelerine göterilýär, bu ulgamda düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Innowasion ösüşli dünýäniň talaplaryna laýyk taýýarlanýan bilimli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, bäsleşiklere ukyply ýaş nesil kemala getirilýär. Şu jähetden, bilim ulgamy gysga döwrüň içinde düýpli özgertmelere eýe bolýar. Diýarymyzda we onuň çäklerinden daşarda dürli bäsleşikleriň, olimpiadalaryň geçirilmegi we olarda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň yzygiderli gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň şaýady bolýar.

2024-nji ýylyň 4 – 11-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “MEMORIAD – 2024 BÜTINDÜNÝÄ ZEHIN SPORTLARY OLIMPIADASY” geçirildi. Olimpiada dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden jemi 150-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Türkmenistandan mekdep okuwçlarynyň 17-si bu dünýä ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşdy.

Bütindünýä zehin sportlary olimpiadasynda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän 2-nji mekdebiniň okuwçysy Ogulmaral Altyýewa we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 41-nji mekdebiniň okuwçysy Mekan Nurgeldiýew ýeňiş gazanyp, altyn medala, Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 29-njy mekdebiniň okuwçysy Aýgül Ýusupowa kümüş medala mynasyp boldular. 

2024-nji ýylyň 5 – 10-njy noýabrynda Indoneziýa Respublikasynyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde VI Halkara ylym we oýlap tapyş taslama bäsleşigi (6th International Science and Invention Fair (ISIF)) geçirildi. 

Şu bäsleşigiň jemi boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Döwletmyrat Alymuhammedow aýratyn sylaga we altyn medala, Kerimberdi Myratlyýew, Rahmanberdi Ödemyradow altyn medala, 12-nji synp okuwçysy Oguzhan Mergenow we 11-nji synp okuwçysy Muhammetguly Oraznepesow kümüş medala, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow altyn medala, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary Ýaran Hudaýberdiýew we Kerim Meredow altyn medala mynasyp bolmagy başardylar.

2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň edara binasynda ýokarda ady agzalan ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Bilim ministri çykyş edip, bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlady we hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda döwrebap bilim almak üçin döredip berýän ýokary mümkinçiliklerinden peýdalanyp, mundan bu ýana hem yhlasly okap, şular ýaly baýraklaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine öz goşantlaryny goşmagy sargady. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ünsümizi çekişi ýaly, sport – güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň we belent ruhuň utgaşmasy. Bilim – durmuşyň aýnasy. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesli sporta çekmek bilen baglanyşykly durmuşymyza ornaşdyrýan beýik işleri ýaş nesliň ruhy hem beden taýdan sagdyn kemala getirilmegi üçin örän uly aladalaryň edilýändigine şaýatlyk edýär. 

“Bilim” ylmy-usuly 

žurnaly.

Şeýle hem okaň: Туркменистан Золотой век