Türkmenistanda "Ýaş robototehnikaçy" saýlanar

2024-11-18 | 178
Türkmenistanda "Ýaş robototehnikaçy" saýlanar

Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Ýaş robototehnikaçy” atly bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşigiň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi çykyş edýär. Bäsleşigiň maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň innowasiýalara we hasaplaýyş tehnologiýalara bolan gyzyklanmalaryny çuňlaşdyrmakdan ybarat.

Bäsleşik iki ugur boýunça geçirilýär – “akylly öý” we robototehnika.

Gyzyklanma bildirýän şahslar 23-nji noýabra çenli degişli maglumat görnüşini dolduryp ýa-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň saýtynda görkezilen QR-kodyny skanirläp, hasaba durmaly.

Işler 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda görkeziler. Bäsleşigiň emin agzalary işleri täzeçiligine, ýerine ýetiriliş hiline, ulanylyşyna görä bahalandyrarlar.

Bäsleşigiň şertleri bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň saýtynda ýakyndan tanyşyp bolar.