Türkmenistanlylar Berline okuwa çagyrylýar: stipendiýaly okuwlara kabul edilişik başlandy

2024-11-06 | 285
Türkmenistanlylar Berline okuwa çagyrylýar: stipendiýaly okuwlara kabul edilişik başlandy

Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasy daşary ýurtlaryň uçurumlary we postdoktorantlary üçin Berliniň wekiller Palatasynyň Barlag gaznasynyň stipendiýalaryny almak mümkinçilikleri barada habar berdi.

Maksatnama 2025/26-njy akademiki ýyl üçin Berliniň uniwersitetleriniň birinde okuwy we barlaglary goldamaga gönükdirilen 15 sany stipendiýalary hödürleýär.

Stipendiýa uçurumlar we doktorantlar üçin aýda 1 100 ýewro, postdoktorantlar üçin bolsa 1 630 ýewro barabar. Maksatnama 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli dowam eder.

Seçip alma talaplary ähli ugurlara degişli bolup, bu bolsa maksatnamany dürli pudaklaryň hünärmenleri üçin elýeterli edýär. Islegleriň soňky kabul ediş möhleti – 2024-nji ýylyň 15-nji dekabry.

Maksatnama boýunça goşmaça maglumatlary Berliniň wekiller Palatasynyň saýtynda https://www.parlament-berlin.de, şeýle hem Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda tapyp bilersiňiz.