Täze «Fizika» okuw kitaby çap edildi

2024-11-05 | 2189
Täze «Fizika» okuw kitaby  çap edildi

Umumy orta mekdepleriň rus dili bolüminde okaýan XI synp okuwçylar üçin täze «Fizika» okuw kitaby çap edildi (awtordaşlar: Bahar Ataýewa, Abdurahman Çaryýew, Mergen Murrikow).

Okuw kitabynda mehanika, termodinamika we molekulyar fizika meseleleri häzirki zaman derejesinde beýan edilýär. Onda fizika kanunlarynyň amaly ulanylyşyna degişli mysallar getirilýär, wezipeleriň çözgütleri boýunça usullar gözden geçirilýär. Her bir bapda dürli kynçylykly gönükmeler we olara jogaplar getirilýär. Onda berlen soraglar we gönükmeler kitaba okuw materialynyň mazmunyny has-da giňeldýär we çuňlaşdyrýar. Okuwçylaryň materialy netijeli öwrenmegi üçin kitapda köp sanly suratlar ýerleşdirilendir. Käbir temalarda fizika kanunlarynyň açylmagynyň, fiziki teoriýalaryň emele gelmeginiň taryhy şertleri we ideýalaryň arasyndaky gapma-garşylygy görkezýän kitaphana maglumatlary ulanyldy.

Kitabyň tapawutly aýratynlygy, garaşylýan hadysalaryň we kanunlaryň möçberiniň giňeldilmegi däl-de, esaslandyrylan düşünjeleriň çuňlaşdyrylmagydyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Şeýle hem okaň: Turkmenportal