KFU-da “Tomus uniwersiteti” öz işine başlady

2024-07-23 | 193
KFU-da “Tomus uniwersiteti” öz işine başlady

Bu ýyl taslama gatnaşmak üçin 3000 arza berildi. Netijede, Kazana 13 ýurduň wekilleri geldi.

8-nji iýulda Kazan Federal uniwersiteti “Tomus uniwersiteti” taslamasyna gatnaşyjylar üçin gapylaryny açdy. Açylyş dabarasy B. Rameýew adyndaky IT-parkynda geçirildi.

Taslama KFU tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de “Sosiosentr” federal döwlet awtonom ylmy edarasynyň goldawy bilen durmuşa geçirilýär.

Taslamanyň esasy maksady rus bilimini wagyz etmek, rus we daşary ýurtly talyplaryň arasynda şahsy, medeniýetara, milletara aragatnaşygy ýola goýmakdan ybarat. Bu ýyl taslama dünýäniň 13 ýurdundan (Abhaziýa, Azerbaýjan, Belarus respublikasy, Günorta Afrika, Braziliýa, Hytaý, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Russiýa) 400 talyp gatnaşýar.

Çäräni Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý açyk diýip yglan. Ol öz wideo habarynda Russiýada ýüzlerçe medeniýetiň, diliň we däp-dessuryň biri-biri bilen baglanyşdyrylýandygyny nygtap, taslamanyň myhmanlary bilen salamlaşdy:

“Tomus uniwersitetinde siz Russiýanyň medeniýeti, dürli halklaryň şahsyýetleri bilen tanyşarsyňyz, dürli ylmy ugurlarda bilim we senagat hyzmatdaşlaryndan tejribe alarsyňyz. “Tomus uniwersitetiniň” çäklerinde iki hepdäniň dowamynda geljege berk binýadyň döretjekdigine ynanýaryn. Taslama biziň ýurdumyz bilen tanyşlygyňyzyň köp tapgyrynyň ilkinjisi bolsun”.

KFU-nyň ylmy işler boýunça prorektory, birinji prorektor Dmitriý Taýurski bu çäräniň Kazan federal uniwersiteti üçin möhümdigini aýtdy.

“Biz Kazan federal uniwersitetiniň şu gün şeýle köp sanly myhmany garşy alýandygyna begenýäris. Uniwersitet organiki himiýanyň we rus gündogar gözlegleriniň watany. Şu gün Nobel baýragynyň eýesi, görnükli fizik Pýotr Leonidowiç Kapitsaň doglan gününiň 130 ýyllygyny belleýäris. Ol Ikinji jahan urşy döwründe Kazan uniwersitetinde işledi we düýpli ylymlaryň netijeleriniň Sowet Soýuzynyň Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanmagyna goşant goşmak ugrunda köp işleri bitirdi. Kazan uniwersiteti uçurymlary we daşary ýurtly talyplary okuw mesgeniň meşhurlygyna goşant goşdular. 1977-nji ýyldan bäri olaryň sany uniwersitetimizde ýokary depginde artdy. Häzirki wagtda 100 ýurtdan 12 müň daşary ýurtly talyp Kazan federal uniwersitetinde bilim alýar" - diýip Dmitriý Taýurski nygtady.

Bu görkezijä laýyklykda, KFU-nyň Russiýa Federasiýasynda ikinji orunda durýandygyny bellemelidiris. Uniwersitetde talyplyga we ýaşlar ylmyna uly üns berilýär. Ýeri gelende aýtsak, KFU-da 150-den gowrak ylmy birleşme bar. Russiýada talyp telekeçiligi taslamasy bäsleşigi üçin her dördünji ýüztutma KFU-dan gelýär. Kazan uniwersiteti ýurduň uniwersitetlerini ösdürmäge gönükdirilen ähli federal maksatnamalara yzygiderli gatnaşýar.

D.Taýurski: "Tomus uniwersiteti” size Kazan federal uniwersiteti bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris" - diýdi.

Tatarstan Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Bilim we ylym ministrliginiň adyndan Bilim we ylym ministriniň birinji orunbasary Andreý Pominow myhmanlary garşylady.

“Kazan we Tatarstan, umuman, ýurdumyzyň senagat, medeni we bilim merkezidir. Bu ýerde 140 müňden gowrak talyp bilim alýar. Olaryň her ýedinjisi daşary ýurtdan. Bilim alýan atlyplar dünýäniň 120-den gowrak ýurduna wekilçilik edýärler. Respublikamyz dürli medeniýetleriň we dinleriň çatrygy bolup, bu ýerde 170 millet biri-biri bilen dostlukly, ylalaşykly rahat ýaşaýar. Ýurdumyzyň gadymy we iň uly uniwersitetleriniň biri bolan Kazan federal uniwersitetinde okamagyňyz, geljekki ykbalyňyzy, hünär işjeňligiňizi kesgitlän we üstünlikli käri ele almaga mümkinçilik berýän dogry saýlaw bolar " – diýip ministriniň birinji orunbasary ynamly aýtdy.

Rinat Sadykowyň adyndan Tatarstan Respublikasynyň Ýaşlar ministriniň birinji orunbasary Sofýa Galiýewa-Mustafina myhmanlary garşy aldy. Ol "Tomus uniwersitetine" gatnaşyjylaryň öz ýurduny, respublikasyny, şäherini söýýän ýaşlary görjekdigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Kazandaky wekili Radik Wahitow “Tomus uniwersiteti” taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçip, soňky ýyllarda Tatarstanyň paýtagtynyň dünýä derejesinde üstünlikli geçirýän wakalaryny sanady.

KFU-nyň Daşary gatnaşyklar boýunça prorektory Timirhan Alişew şu ýyl taslama gatnaşmak üçin 3000 arzanyň gelendigini aýtdy.

Açylyşdan soň networking sessiýasy we tanyşdyryş boldy. Tomus uniwersitetiniň maksatnamasynyň aşakdaky ýollary öz içine aljakdygyny ýatladýarys: “Emeli aň we maglumat tehnologiýalary Prompt-engineering”; “Geljegiň tehnologiýalary: fizika we inženerçilik”; "Dil. Medeniýet. Döredijilik"; "Binagärlik. Dizaýn. Şäherçilik"; Business Analytics 5.0: Design and Devolopment of Information Panels with Yandex Data Lens (Iňlis dilinde); BRICS +: New Trends in Internationla Relations (iňlis dilinde) BRIKS sammiti – dünýä derejesindäki wakalar bilen bagly täze aýdym. 

Taslama Halkara gatnaşyklar instituty, Psihologiýa we bilim instituty, Filologiýa we medeniýetler aragatnaşygy instituty, Fizika instituty, Emeli aň instituty, robot we ulgam inženerçiligi, hasaplaýyş matematika we maglumat tehnologiýalary instituty, Ykdysadyýet dolandyryş we maliýe instituty, Dizaýn we giňişlik sungaty institutlary işjeň gatnaşdylar. 

T.Alişew giňişleýin bilim maksatnamasyndan başga-da, myhmanlaryň gezelençler wagtynda şäher we respublika bilen tanyşjakdygyny aýtdy.

"Tomus uniwersiteti" federal taslamasynda, Ylym we Russiýanyň Ýokary bilim ministrliginiň başlangyjy bilen gurnaldy we rus bilimini daşary ýurtlarda ýaýratmak, şahsyýetler, medeniýetler we milletara aragatnaşyk gurnamak, rus we daşary ýurtly talyplaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksat edinilýär. Taslama ilkinji gezek 2021-nji ýylda durmuşa geçirildi. KFU 2023-nji ýylda taslama goşuldy.