Russiýada geçiriljek çagalaryň Halkara medeni forumyna Türkmenistandan çagalar gatnaşar

2024-08-10 | 153
Russiýada geçiriljek çagalaryň Halkara medeni forumyna Türkmenistandan çagalar gatnaşar

Awgust aýynyň 22-sinden 24-i aralygynda geçiriljek çagalaryň 3-nji Halkara medeni forumyna 2000-den gowrak çagalar gatnaşar. Bu çäre Moskwanyň täzeden dikeldilen pionerler köşgüniň meýdançasynda geçer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa habar berdi.

“Çagalaryň Halkara medeni forumy awgust aýynyň 22-sine açyljak Worobýowy daglarynda ýerleşýän täzeden dikeldilen we gaýtadan işlenen pionerler köşgüniň meýdançasynda geçer. Bu ýyl bize Russiýa Federasiýasynyň ähli 89 sebitinden we birnäçe daşary ýurtdan 2000-den gowrak çagalar geler. Şu günki gün bizde eýýäm 15 wekiliýet bar” – diýip, RF-yň medeniýet ministri TASS-daky metbugat maslahatynda aýtdy.

Hindistan, Müsür, Serbiýa, Belarus, Abhaziýa, Günorta Osetiýa, Bosnýa we Gersegowina, Hytaý, Braziliýa, Siriýa, Prednestrowýe, Türkmenistan, Özbegistan, Iordaniýa we Liwiýa döwletleriň çagalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, RF-yň medeniýet ministri Olga Lýubimowa nygtady.

Ministriň aýtmagyna görä, forumda 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky çagalar gatnaşar. Forumda 60 gowrak gyzykly çäreleriň geçmegine garaşylýar, ussat sapaklary, belli medeni işgärler bilen gürrüňdeşlikler, dürli syýahatçylyklar we başga-da birnäçe gyzykly çäreler bu foruma has hem gözellik goşar. Bu forumyň 6 sany döredijilik ugura bölünendigini we bu ugurlara at gazanan halypalaryň gözegçilik etjekdigini ministr nygtap geçdi.