Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga degişli sapaklar geçirildi
Ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzyň köptaraplaýyn bilim ulgamynyň aýrylmaz talaby bolup durýar. Ylym-bilim pudagynyň innowasiýa ösüşine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri halypa mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň hünär başarnyklarynyň ýokary derejede bolmalydygyny hemişe belläp geçýärler. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek üçin ýaşlaryň bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Bu wezipeler ýöriteleşdirilen ylym we bilim edaralarynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar baradaky şertnamalaryň çäginde dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen mugallymlary üçin gurnalan bilim tejribeleriniň giň göwrümini öz içine alýar. Muňa mysal hökmünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary üçin daşary ýurtlarda guralan okuw meýilnamalaryny görkezmek bolar.
Italiýa guralan okuw sapary
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymlary, Kümüş Myradowa, Dürjemal Nurýagdyýewa we Aýsoltan Agamyradowadan ybarat bir topar italýan dilini öwrenmäge gönükdirilen ýokary okuw kurslaryna gatnaşdy. Italiýanyň Perugiýa şäherinde ýerleşýän Daşary ýurtlular uniwersitetinde “Dil synpynda tehnologiýa: hyzmatdaşlygyň, özara gatnaşyklaryň we özbaşdaklygyň gurallary” atly şygar bilen türkmen hünärmenleri üçin üç hepde dowam eden okuw geçirildi.
Okuw sapaklarynyň açylyş dabarasyndan soň, halkara okuw meýilnamasyna gatnaşyjylar üçin giriş sessiýasy boldy. Olaryň her biri öz ýurtlarynda we uniwersitetlerinde italýan dilini öwretmek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdi.
Okuw meýilnamasy, esasanam, “hyzmatdaşlyk, dil bilimi we tehnologiýa” mowzugyndaky ýerli tematiki sapaklary öz içine aldy. Okuwyň dowamynda dürli toparlaýyn işleriň we gepleşikleriň, dil öwrenmek başarnyklaryny ösdürmegiň ähmiýeti we bu ugurda okuwçylara täsir etmegiň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Wirtual dünýädäki onlaýn italýan dili kurslary: L2 / LS AIDI taslamasy” atly mowzukda gurnalan sapaklar bilim bermäge degişli wideo şekilleri döretmek üçin ulanylýan okuw maksatnamalarynyň aýratynlyklaryny beýan etdi. “Oýun we tehnologiýa” sapagynda bilim bermegiň öňdebaryjy usullary öwredildi. Perugiýa uniwersiteti tarapyndan başy başlanan CELI we CILS okuw kurslarynyň aýratynlyklaryny we ähmiýetini açyp görkezýän “Lingwistik baha beriş we tehnologiýa” we “Sanly gurallary ulanyp baha bermek” ýaly sapaklar bilen okuw kursy tamamlandy.
Umuman alanyňda, daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen okuwyň esasy maksady, italýan dilini öwretmegiň innowasion, döredijilik usullary bilen hünärmenleriň ukyplaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Bu ýerde Türkmenistandan, Italiýadan, Özbegistandan, Argentinadan, ABŞ-dan, Somaliden, Ispaniýadan, Lýuksemburgdan, Wengriýadan gelen mugallymlar üçin birnäçe amaly okuwlar geçirildi.
Tejribe okuwlaryna gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, geçirilen okuw meýilnamasy medeni gezelençleri öz içine almak bilen, ýurduň çägindäki ýadygärlikler bilen tanyşmaga, kinoteatrlara aýlanyp görmäge mümkinçilik döretdi.
Hususan-da, “Sebitleýin okuwlar üçin meýilnamalar gaznasy” atly sapakda bilim bermegiň ugurlaryny dogry saýlamak we onuň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik öwrenildi. Bu bolsa italýan dilini öwrenmäge we italýan halkynyň däp-dessurlaryna has çuňňur aralaşmaga itergi berdi. Gatnaşanlar alan bilimlerini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplar bilen paýlaşarlar.
Ussat hünärmenlerden okuw sapaklary
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy Mährijemal Nazarowa, “Dil, sebit öwrenişleri we medeni durmuş” meýilnamasy boýunça nemes dilini öwrenmek üçin guralan ýokary okuw sapaklaryna gatnaşdy. Bu ýörite okuw Berlin şäherinde geçirilip, ol iki hepde dowam etdi. Okuw sapaklarynyň açylyşynda oňa gatnaşyjylaryň her biri öz ýurtlarynda nemes dilini öwretmekde alnyp barylýan işler barada çykyş etdi.
Okuwyň dowamynda sebitleýin gözlegleriň aýratynlyklary gözden geçirildi we nemes dilini öwretmegiň dürli usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “Sebitleýin okuwlar üçin meýilnamalar gaznasy” atly sapakda bilim bermegiň ugurlaryny dogry saýlamak we onuň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly mesele jikme-jik öwrenildi. Şu nukdaýnazardan dürli dil derejelerinde okatmak üçin häzirki zaman okuw kitaplary göz öňünde tutuldy.
"Muzeýe baha bermek: usulyýet beýany - muzeýiň sebitleýin gözleglerde ähmiýeti" sapagy muzeýleriň işini öwrenmäge degişli boldy. “Aýdym-sazyň üsti bilen ýurdy we medeniýeti bilmek” mowzugynda gurnalan başga bir sapakda bolsa nemes dilini öwrenmekde aýdym diňlemegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Sapagyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Berliniň saz gurallary muzeýine baryp gördüler. Şol bir hatarda ýerli suratkeşiň ýolbaşçylygynda “Sebitleýin okuwlary we medeniýeti grafika we wizuallaşdyrmak arkaly öwretmek” mowzugy boýunça sapak geçirildi.
“Dil, sebitleýin gözlegler we medeni durmuş” ugry boýunça gurnalan ýokary okuw sapaklarynyň esasy maksady, nemes dilini öwretmegiň innowasion we döredijilik usullary arkaly nemes medeniýetini we durmuşyny tanatmaga gönükdirildi. Bu maksat bilen, ýurduň taryhyny, medeniýetini we durmuşyny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýän dürli döredijilik oýunlary hem guraldy. Türkmenistan, Fransiýa, Argentina, ABŞ, Rumyniýa, Müsür, Ispaniýa, Meksika, Hytaý Halk Respublikasy we Wengriýa döwletlerinden gelen kärdeşler okuw döwründe dürli ugurlara degişli öňdebaryjy mugallymçylyk tejribelerini paýlaşdylar.
Umuman aýdanyňda, Germaniýada geçirilen okuw sapaklary ýerli medeni ýadygärliklere baryp görmek, dil endiklerini has-da kämilleşdirmek we nemes halkynyň däp-dessurlaryna has çuňňur düşünmek üçin ajaýyp itergi boldy. Bu okuwda alnan bilimler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň sapaklarynda türkmen mugallymlary tarapyndan talyplara öwrediler.
Türkmen mugallymlary daşary ýurtlarda hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen guralýan okuw sapaklaryna gatnaşmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine alkyş sözlerini aýtdylar.
Wiktoriýa Nowikowa,
«Нейтральный Туркменистан».