ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2023-05-12
| 261
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda göni wideoargatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Oňa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri – Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymlary B.Karaýew we M.Berdinyýazow, ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersitetiniň Syýasaty öwreniş fakultetiniň professory Lusio Lanukara, Filosofiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Tami we Alana Makgrattan gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersitetiniň arasynda teklip edilen Özara düşünişmek barada Ähtnamanyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle hem Ähtnamanyň teksti geljekde ylalaşylan halatynda şu ýylyň 23-24-nji oktýbrynda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dowamynda gol çekişmek mümkinçiliginiň boljakdygyny belläp geçdiler.