ÝB-de emeli intellekt üçin düzgünleriň ilkiji ýygyndysy tassyklanyldy
2023-05-15
| 410
Ýewropa parlamentiniň Strasburgdaky ugurdaş komitetinde emeli intellekt üçin düzgünleriň ilkiji ýygyndysy tassyklanyldy, ol adamlar gatnaşmazdan kompýuter torlary tarapyndan ýüzleriň tanalmagyny gadagan edýär.
Ulanyjy haçan-da onuň bilen başga adamyň däl-de, çat-botyň gürleşýändigini bilmelidir.
«Bu düzgünler hökümetleriň we hususy kompaniýalaryň Emeli Intellekti diňe gowy zatlar üçin ulanjakdygyna has berk kepillendirmeleri berýär. Biz emeli intellektiň, meselem, hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýa-da migrasiýa gözegçiliginde nähili ulanylýandygyny bilip bileris. Entek biz bularda şeýle ulgamlaryň gatnaşýandygyny köplenç habarymyz ýok» - diýip, Ýewropanyň Sanly hukuklary birleşmesiniň wekili Sara Çander belliklerini aýtdy.
Brýussel tarapyndan 2021-nji ýylda hödürlenen şuňa meňzeş düzgünleriň ýygyndysynyň kabul edilmegi iýun aýynda tassyklanmalydyr, ondan soňra gutarnykly teksti ÝB-niň agza-ýurtlary bilen ylalaşylar. Taryhda emeli intellektiň ilkinji kadalaşdyrylmagy eýýäm ýu ýylyň ahyryna hakykylyga öwrüler.