SpaceX kompaniýasy 14 ýaşly programmisti işe aldy

2023-06-13 | 251
SpaceX kompaniýasy 14 ýaşly programmisti işe aldy

Kosmos tehnikasynyň önümçiligi bilen meşgullanýan SpaceX amerikan kompaniýasyna 14 ýaşly inžener-programmist Kaýran Kwazini işe aldylar - diýip, Los Angeles Times ýazýar.

«Men inžener-programmist hökmünde planetadaky iň meşhur kompaniýanyň Starlink toparyna işe goşulýaryn. Ýetişmek we ukyp-başarnyk derejesi ýaly könelen görkezijisi hökmünde meniň ýaşymy ulanmadyk bu seýrek kompaniýalaryň biridir», — diýip, Santa-Klara Uniwersitetiniň inženerçilik mekdebiniň uçurymy aýtdy.

Ol bu okuw mekdebiniň taryhynda iň ýaş uçurym boldy.

Indi Kwazi öz ejesi bilen Kaliforniýadan Amerikanyň demirgazyk-günbataryndaky Redmond şäherine, Waşington ştatyna göçüp gelmegi meýilleşdirýär, ol ýerde hemra ulgamlarynyň barlaglary, işlenip düzülmegi we önümçiligi bilen meşgullanýan SpaceX kompaniýasynyň şahamçasy ýerleşýär.

Starlink internetiň ygtybarsyz, gymmat ýa-da el ýetmez bolan ýerlerinde internete ýokary tizlikli giň zolakly elýeterliligi üpjün etmek boýunça bütindünýä hemra ulgamydyr.