Türkmenistanda 17-nji iýuldan giriş synagy möwsümi başlanýar

2023-07-14 | 199
Türkmenistanda 17-nji iýuldan giriş synagy möwsümi başlanýar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Resminama laýyklykda,

- Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly iýuly aralygynda guramak;

- okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet toparyna 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

2023-nji ýylda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi ertir merkezi metbugatda çap ediler.