Türkmen talyplarynyň halkara matematika bäsleşigindäki nobatdaky üstünligi

2024-08-12 | 679
Türkmen talyplarynyň halkara matematika bäsleşigindäki nobatdaky üstünligi

Türkmen talyplary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 5-11-nji awgusty aralygynda geçirilen 31-nji Halkara matematika bäsleşiginde (IMC-2024) üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazandylar.

Berkarar Watanymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijesini berýär. Biz muňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle-de döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda türkmen talyplarynyň görkezýän ýokary netijelerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen talyplary Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň özleri hakda edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge, bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýarlar.

Türkmen talyplary her ýyl döwlet derejesinde, şeýle-de halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Talyplarymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 5-11-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 31-nji Halkara matematika bäsleşigine gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. Bu halkara ders olimpiadasyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşyp, olardan 14-si dürli derejedäki medallara, ýagny 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala mynasyp boldular.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Hindistan, Saud Arabysan Patyşalygy, Meksika, Braziliýa, Argentina, Singapur, Azerbaýjan, Wengriýa, Polsa, Rumyniýa, Günorta Afrika Respublikasy, Müsur, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Alžir, Tunis, Bolgariýa, Gruziýa, Ermenistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we beýleki döwletleriň 60-a golaýyndan 400-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçen bu ders olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 1 sany altyn medala, 3 sany kümüş medala, 4 sany bürünç medala, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 1 sany altyn medala, 2 sany bürünç medala, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 1 sany altyn medala, 1 sany bürünç medala, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby 1 sany bürünç medala mynasyp boldular. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň matematika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Şabibi Nurjanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ynsanperwer maglumat tehnologiýasy fakultetiniň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 3-nji ýyl talyby Myratgeldi Annamuhammedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinip ykdysadyýet we dolandyryş 5-nji ýyl talyby Kadyrberdi Annabaýew degişlilikde altyn medallara, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň amaly matematika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Söhbet Maksadow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalar fakultetiniň amaly matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Balkan Jepbarow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň amaly matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Emir Wellekow degişlilikde kümüş medallara, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň amaly matematika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Salihbek Döwletmyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň matematika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Sähragül Garlyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň amaly matematika we informatika hünäriniň 3-nji ýyl talyplary Hajymuhammet Ataýew, Didar Gaýypow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maglmat tehnologiýasy fakultetininň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 2-nji ýyl talyby Medine Ödäýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň halkara täjirçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby Nurmyrat Ataýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň takyk bilimleri fakultetiniň matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Gurtgeldi Hanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň gozganmaýan emläkler eksperitiza we dolandyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Goçmyradow degişlilikde bürünç medallara mynasyp boldular. Şonuň ýaly-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Döwletmyrat Esenow, Daniýar Emirkuliýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Muhammet Annaýew, Baýram Turaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Batyr Öwezmyradow, Muhabbat Zafarjanowa höweslendiriji hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde ýylyň-ýylyna geçirilýän matematika boýunça bu halkara bäsleşiginde topar ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilýän “Iň tejribeli topar ýolbaşçysy” atly bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew II orna mynasyp boldy. Topar ýolbaşçylarynyň arasyndaky bäsleşikdäki bu ýeňiş, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek gazanylan üsünlikdir.

Şeýle ýokary derejede geçen halkara matematika bäsleşiginde talyplarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny we onuň halkara derejesine çykýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut edýär.

Halkara matematiak bäsleşiginde üstünlik gazanan türkmen talyplarymyz Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri üçin edýän aladalary, ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin çäksiz hoşallyklaryny we alkyşlaryny beýan edýärler.

2024-nji ýylyň 5-11-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän 31-nji Halkara matematika bäsleşiginiň 

(31st International Mathematics Competition for University Students) ýeňijileriniň sanawy

№Familiýasy we adyOkaýan (işleýän) ýokary okuw mekdebiBellik1.      Ýollyýew Agaserdar KöstekýazowiçMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy (toparyň ýolbaşçysy) 2.      Çaşemow Murat BerdiýewiçHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy (toparyň ýolbaşçysy) 3.      Nurjanowa Şabibi AmandurdyýewnaMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematika fakultetiniň matematika hünäriniň 3-nji ýyl talybyAltyn medal4.      Annamuhammedow Myratgeldi GoçmyradowiçHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýasy fakultetiniň Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 3-nji ýyl talybyAltyn medal5.      Annabaýew Kadyrberdi SelimberdiýewiçTürkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 5-nji ýyl talybyAltyn medal6.      Maksadow Söhbet MaksadowiçMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Amaly matematika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talybyKümüş medal7.      Wellekow Emir BerdibaýewiçMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Amaly matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talybyKümüş medal8.      Jepbarow Balkan DöwletgeldiýewiçMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Amaly matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talybyKümüş medal9.      Ataýew Hajymuhammet TäçmyradowiçMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Amaly matematika we informatika hünäriniň 3-nji ýyl talybyBürünç medal10.   Döwletmyradow Salihbek DöwletmyradowiçMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Amaly matematika we informatika hünäriniň 4-nji ýyl talybyBürünç medal11.   Garlyýewa Sähragül GeldimyradownaMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematika fakultetiniň matematika hünäriniň 3-nji ýyl talybyBürünç medal12.   Gaýypow Didar MagsadowiçMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Amaly matematika we informatika hünäriniň 3-nji ýyl talybyBürünç medal13.   Ödäýewa Medine ArazberdiýewnaHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýasy fakultetiniň Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 2-nji ýyl talybyBürünç medal14.   Ataýew Nurmyrat BaýramowiçHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň Halkara täjirçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talybyBürünç medal15.   Goçmyradow Muhammetmyrat Döwletmyradowiç Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Gozganmaýan emläkler ekspertizasy we dolandyrylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talybyBürünç medal16.   Hanow Gurtgeldi Garly oglySeýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Takyk bilimleri fakultetiniň matematika we informatka hünäriniň 2-nji ýyl talybyBürünç medal17.   Esenow Döwletmyrat Hemraýewiç Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň Halkara ykdysadyýeti hünäriniň 3-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat18.   Şyhow Azymgeldi TahyrgeldiýewiçHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň Halkara ykdysadyýeti hünäriniň 3-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat19.   Emirkuliýew Daniýar EmirkuliýewiçHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň Halkara maliýe hünäriniň 2-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat20.   Öwezmyradow Batyr WepaýewiçTürkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň 1-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat21.   Zafarjanowa Muhabbat ZafarjanownaTürkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakuletiniň Maglumat howpsuzlygy hünäriniň 1-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat22.   Annaýew Muhammet BabamyradowiçTürkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energo-tehnologiýa fakultetiniň Elektroenergetika ulgamlar we torlar hünäriniň 4-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat23.   Turaýew Baýram HajygurbanowiçTürkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň Rele goragy we awtomatikasy hünariniň 2-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat24.   Goçyýew Nurmuhammet BerdimyradowiçTürkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiber howpsuzlyk fakultetiniň Senagat elektronikasy hünariniň 1-nji ýyl talybyHöweslendiriji hormat hat25.   Penjiýew Rähmet Abraý oglyHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi taýýarlyk ugrynyň talyby